logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Özbegistanda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň sany 61-den 28-e çenli azaldylar
  27.12.2022
841
Özbegistanda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň sany 61-den 28-e çenli azaldylar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken döwlet dolandyryşynda gurluş özgertmeleri baradaky kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hökümete degişli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň sanyny 61-den 28-e çenli azaltmak meýilleşdirilýär.

Şoňa görä, ministrlikleriň sany 25-den 21-e çenli azaldylar, käbir döwlet edaralary birleşdiriler we 20-den gowrak döwlet edarasy ýatyrylar.

Karara laýyklykda, Täze ýylyň ilkinji gününden başlap, hünär dolandyryş ýörelgelerine esaslanýan we netijelilige gönükdirilen ministrlikleri we döwlet edaralaryny öz içine alýan ulgam dörediler.