logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Özbegistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler
  07.11.2022
833
Özbegistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler. Forumda ykdysady, ulag we söwda meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. sammitde guramanyň geljek 5 ýyl üçin strategik hereket meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Sammitiň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan «Türki dünýäsiniň iň ýokary medaly» we Özbegistanyň milli medaly bilen sylaglanar.

Samarkantda sammitden öň — 9-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy, şeýle hem 10-njy noýabrda Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Foruma gurama agza ýurtlar bolan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy agzalar hökmünde Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň wekiliýetleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.