logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Özbek estradasyndan Magtymgulynyň goşgusyna täze aýdym
  09.04.2024
3451
Özbek estradasyndan Magtymgulynyň goşgusyna täze aýdym

Özbegistanyň "Farhad we Şirin" diýip tanalýan duo estrada topary Magtymguly Pyragynyň "Habar ber – şeýledir" goşgusyna aýdym düzdi we şekile geçirdi.

 

"Sowal jogap" diýip atlandyrylan bu aýdymyň şekilli ýazgysy häzirki wagtda internet köpçüliginde görýänleriň sany millionlary geçdi. 

 

Estrada aýdymçylary Farhod Süleýmanow we Şirin Muzaffarowa Özbegistanda uly abraýdan peýdalanýarlar. Doganlyk ýurtlaryň festiwalynda hem çykyş etmek üçin Türkmenistanda bolup gördüler.

 

Magtymguly Pyragy dünýäniň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Özbegistanda hem uly sarpa we hormata eýedir. Özbek döredijilik we sungat işgärleri Pyragynyň şygryýetine ýygy-ýygydan salgylanýarlar.

 

"Habar ber – şeýledir" goşgusy, Magtymguly Pyragy we Durdy şahyryň arasynda geçen sorag-jogabyň şygyr görnüşidir.

 

HABAR BER – ŞEÝLEDIR

 

 

Magtymguly:

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

Durdy şahyr:

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar jany ýok?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, iýmediler, doýdular?

O nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, ýedi ülkäni gezer?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.