logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Ozon gatlagyny goramak şu günüň, geljegiň aladasy
  13.09.2023
986
Ozon gatlagyny goramak şu günüň, geljegiň aladasy

1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen 16-njy sentaýbry Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni diýip yglan edildi. Bu sene ozon gatlagyny siňdirýän, ýok edýän maddalara Monreal teswirnamasyna (1987) gol çekilmegiň hatyrasyna bellendi we 1995-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär.

 

Ozon gatlagyny gorap saklamagyň halkara gününiň şygary "Asmany halas et - ozon gatlagyny gora" diýlip atlandyrlylýar. 1987-nji ýylyň 16-njy sentyabrynda 36 döwlet bu resminama gol çekdi. Oňa gatnaşyjy ýurtlar ozony ýok edýän maddalaryň önümçiligini çäklendirmeli we doly bes etmeli.

 

Döwletlere Monreal teswirnamasynda we oňa girizilen üýtgeşmelere kesgitlenen maksatlara laýyklykda degişli çäreleri görmegi we hereket etmegi maslahat berýär. Ozon atmosferanyň gaty az bölegini tutýar, ýöne onuň bolmagy adamyň abadançylygy üçin möhümdir. Ozon gatlagy – bu inçe gaz galkany, ýeri gün radiýasiýasynyň belli bir zyýanly täsirinden goraýar we şeýlelik bilen planetada ýaşaýyşyň döremegine şert döredýär.

 

Ozon gatlagynyň köp bölegi ýeriň ýüzünden 35 - 40 km belentlikde ýerleşýär. Bu gatlak stratosfera diýlip atlandyrylýar we bu gatlakda ozonyň 90% -i ýerleşýär. Ozon gatlagynyň galyňlygy demirgazyk sebitde 4 mm, günortada bolsa 2 mm ýetýär. Ortaça alnanda ozonyň galyňlygy 3 mm hasaplanýar. Onuň ölçeg birligi dopson birligindedir. Ozon gatlagyny hapalaýjylar esasan hem zawod fabriklerden, ulaglardan çykýan käbir gara gurum tüsselerdir we hlorly oksidlerdir. Howada ozonyň ýukalmagy bilen adamlarda dürli keseller döreýär, derisinde dürli ýanyklar peýda bolýar, ösümlik dünýäsiniň ösüşine täsir edýär.

 

Ozony ýoklaýjy maddalaryň mukdarynyň tapgyrlaýyn tamamlanmagyny we ulanylyşynyň azalmagyny gazanmak diňe bir häzirki gün däl, eýsem geljekki nesilleriň hem aladasyny etdigimiz bolar.

Hekim  AGAÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň Agronomçylyk
fakultetiniň V ýyl talyby.