logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Pablo Pikassonyň söýgülisi 101 ýaşynda aradan çykdy!
  10.06.2023
1101
Pablo Pikassonyň söýgülisi 101 ýaşynda aradan çykdy!

Pablo Pikassonyň söýgülisi hökmünde tanalýan fransuz suratkeş we ýazyjy Fransua Gilot 101 ýaşynda aradan çykdy.

Fransua Gilotyň aradan çykanlygyny onuň gyzy Aurelia Engel habar berdi. Gilot birnäçe wagt bäri ýürek we bagyr keselleri bilen göreşýärdi.

Fransiýanyň Medeniýet ministri öz döwrüniň iň möhüm sungat işgärlerinden biri bolan Gilotyň ölüminiň sungat dünýäsi üçin uly ýitgi bolandygyny belleýär.

Gilot dünýä belli suratkeş Pablo Pikasso bilen örän dartgynly gatnaşygy bolupdyr. Gilot Pikasso bilen on ýyl bile ýaşaşypdyr.   

Pikassony 21, 40 ýaş uly we durmuşa çykan Gilot, iki çagasy bolandan soň suratkeşi terk edipdir. Gilotyň 1964-nji ýylda ýazan «Pikasso bilen ýaşamak» atly kitaby öz döwrüniň iň köp satylan kitaplarynyň birine öwrüldi. Pikasso bilen aýrylyşandan soň, Gilot ABŞ-a göçüpdir we ikinji gezek durmuş gurupdyr. Ol birnäçe ýyllap Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň Şekillendiriş sungaty mekdebiniň dekany bolup işläpdir.