logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Economics /Pagta biziň baýlygymyzdyr
  26.10.2021
858
Pagta biziň baýlygymyzdyr

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri şu ýylda 34 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 65 müň 700 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Bu ugurda etrabyň çäginde ir baharda ekilen gowaçanyň “Jeýhun”, “Ýolöten – 14” we “Ýolöten – 39” ýaly ir ýetişýän sortlary indi birnäçe ýyl bäri Tejen topragynda özüniň gowy netijesini berip gelýär. Etrabyň hasyl ussatlary pagta ýygymynyň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Olar ýylboýy azap siňdirip ýetişdirilen hasylyň ýekeje hanasyny-da zaýalaman ýygnap almak üçin, ir-ertirden giç agşama çenli gowaçaly meýdanlarda joşgunly zähmet çekýärler.

Olar özleriniň gündelik harmana tabşyrýan hasylyny saldarlap görmek bilen, Watanyň beýik harmanyna  65 müň tonnadan gowrak ýokary hili “ak altyn” hasylyny goşjakdyklaryny ynamly aýdýarlar. Şu günlerde “ak altynly” meýdanlarda has-da äşgär görmek bolýar. Ir säherden tä gijagşama çenli güýzüň häzirki amatly günlerinden peýdalanyp, ak pelleriň arasynda pagta ýygyjy maşynlar göýä, ak ummanda ýüzüp  ýören guwlara meňzeýär.

Şu ýyl daýhanlaryň azaby ýerine düşendir, haýsy atyza girseň, ak patrak bolup açylan gozalar, günüň tyllaly şöhlesine öwşün atyp dur. Güýzüň häzirki amatly günlerinde ony ýygnap alyp, Watanyň uly harmanyna goşmak biziň mukaddes borjumyz. Öňde goýlan maksada ýetmeklik üçin pagta meýdanda joşgunly zähmet çekýärler. Köplere nusga bolmagy başarýan Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşiginiň Üzümgül Durdyýewa, Täzegül Muhammetgulyýewa, Şemşat Orazowa, Rejepsoltan Allaberdiýewa, Gülnar Gylçynyýazowa, Güljan Saryýewa ýaly ýygymçylar harmana getirýän gündelik hasylyň mukdaryny artdyryp, bu asylly işe saldamly goşant goşýarlar.

Kärendeçilerden her gün gelýän hoş habarlaryň sanynyň artmagy hemmeleri guwandyrýar. Bu bolsa Hasyl toýunyň mynasyp garşylanyljakdygyna şaýatlyk edýär.