logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Pagta hasylynyň tehniki ýygylyş usuly
  17.12.2023
753
Pagta hasylynyň tehniki ýygylyş usuly

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Ähli welaýatlarda ak altyn harmanlary öňde goýlan maksatnama laýyk dolduryldy.

 

 

Pagtany ösdürilip ýetişdirmek agyr zähmeti talap edýär, emma muňa garamazdan zähmetkeş baba-daýhanlarymyz ýurdumyzyň oba hojalygyna pagta hasylynyň bol hasylyny tabşyrmak bilen uly goşant goşýarlar.

 

 

Gowaça hasylynyň tehniki ýygylyşy
Pagtanyň ýetişdirilişi we agrotehniki talaplary berk berjaý ýerine ýetirilende pagtanyň ösdürilip ýetişdirilişi we tehniki ýygylyşy şu aşakdakylardyr.

 

Iş ornunyň enjamlaşdyrylyşy: Pagta ýygýan maşynlaryň kömekçi gidrawlik ulgamy, ýöreýiş bölegi, ölleýiş bölegi, ýygyjy böleginden durýar.

 

Pagta ýygýan maşynlar 2 - 4 hatarly bolup, hatar aralary 60...90sm aralygynda bolup ekilen gowaçalary ýygýarlar.

 

Iş gurallary boýunça pagta ýygýan maşynlar dikligine duran we gapdallygyna duran spindelleri bolup hyzmat edýär.

 

Pagta ýygýan maşynlara şu aşakdaky agrotehniki talaplar berjaý edilmeli.

- birinji ýygym gowaçalaryň 55...56% körekleri açylandan soň geçirilýär;

- ikinji ýygym 12 - 20 gün geçenden soň geçirilýär.

- pagta ýygýan maşynlaryň açylan gozalaryň 95...96% ýygmaga mümkinçiligi bar. Ýitgileriň mukdary 3% köp bolmaly däldir.

- pagta ýygýan maşynlarda  gowaçalar ýygylanda açylmadyk köreklere şikes ýetirmeli däldir.

- körek ýygýan maşynlar gowaçalardaky açylmadyk, açylan körekleri doly ýygyp almalydyr.

 

Hezret Seýitmämedow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.