logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Pagta ýygymyna taýýarlyk
  25.08.2020
764
Pagta ýygymyna taýýarlyk

       Geçen ýyl Tejen etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowy netijeler bilen ýyly jemlediler, muňa ruhlanan daýhanlar şu ýyl hem pagtanyň bol hasylyny almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýagny gowaça ekinine birkemsiz ideg edip, hatar ara bejergi işlerini geçirdiler. Gowaçalara siňňitli suw tutmakda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini geçirmekde ylmyň täze gazananlary durmuşa ornaşdyryldy. Bu işde halypalaryň köp ýyllyk iş tejribelerine daýanyldy. Tejribeli halypalaryň we ýaş kärendeçileriň arasynda duşuşyklar, ýyganyşyklar we maslahatlar yzygiderli geçirilip duruldy. Şeýle hem usuly okuw maslahatynyň ähmiýetine uly üns berildi. Munuň özi bolsa pagta ýygymy möwsümine taýýarlygyň barşyny güýçlendirdi.

      Dürli görnüşdäki tehnikalar, pagta ýygyjy maşynlaryň, ýük daşaýjy awtoulaglaryň taýýarlygyna uly ähmiýet berilmegi bu işleriň has hem guramaçylykly geçmegine ýardam eder. Ak altynly atyzlaryň bereketli hasyllarynyň öz wagtynda zaýasyz we ýitgisiz ýygnalmagyna itergi berer. Munuň özi bolsa pagtaçy kärendeçileriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanmyzyň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgady bolar.