logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Pagta ýygymyna taýýarlyk
  03.09.2020
842
Pagta ýygymyna taýýarlyk

      Ýurtda geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde daýhanlar tutanýerli zähmet çekip, bu ýyl hem pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Pagta ýygym möwsümi ak kerwenler bilen açmaklyk türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän däbi bolup, ol täze taryhy döwürde hem dowam edýär. Häzir daýhanlaryň baş wezipesi ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny meýdanlardan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan we Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, gowaça ýurdumyzyň oba hojalygynyň wajyp ekini bolup, ony ösdürip ýetişdirmegiň öňden gelýän baý däpleri bar. “Ak altyny” öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn özgertmeler maksatnamasy netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy.

        Babadaýhan etrabynyň daýhanlary hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 29-ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen uly taýýarlyk görýärler. 2020-nji ýylyň pagta hasylynda pagta ýetişdiren kärendeçileri, ussat mehanizatorlary zähmete höweslerini artdyrmak üçin etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadigärlik sowgatlar gowşurylýar.