logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Pagtaçylyk möhüm pudak
  02.08.2021
705
Pagtaçylyk möhüm pudak

Milli Lidermiziň ýurdymyzyň oba hojalygyny ösdürmek we ony düşewüntli pudaga öwürmek ugrundaky tagallary barha rowaç alýar. Gowaçaly meýdanlarynda gül-gunça beslenip oturan atyzlara ideg işleri gyzgalaňly alynyp barylýar. Giň gerimde alynyp barylýan suw tutmak, goşmaça iýmitlendirmek we gowaçalaryň ujyny çyrypmak ýaly möhüm agrotehniki çäreler utgaşykly alynyp barylýar.Bu işde Ýu.Gurbanow adyndaky birleşigi,Türkmenistan daýhan birleşigi, Zähmet, Täze ýol daýhan birleşiklerinde “ak altyn” ussatlary aýratyn tapawutlanýarlar. Şonuň bilen sazlaşyklylykda etrabymyzda tehnikalary pagta ýygymyna taýýarlamak boýunça mynasyp tagalalar edilýär. Bu ugurda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bejeriji ussalardyr hünärmenleri şu günler guwandyryjy işler alyp barýarlar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň işgärleri we Ilkinji partiýa guramalary oba hojalygyndaky möwsümleýin işleriň alynyp barylýan döwründe zähmet söýer daýhanlar bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýärler. Bu bolsa zähmet söýer daýhanlara has-da höwesli işlemäge ruhybelentlik berýär.