logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy
  29.11.2023
1201
Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy

Magtymguly Pyragy ajaýyp döredijilik mirasy bilen dünýä medeniýetiniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrdyr. Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragy şygyrlarynda döwrüni, durmuşyň çarkandakly ýollaryny, arzuw-umytlaryny, söýgüni belentden wasp edipdir. Özboluşly şygyrlaryň her biriniň içinde Watansöýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýaly adam ahlagynyň ýokary derejesindäki sypatlar eriş-argaç bolup geçýär. Magtymgulynyň edebi mekdebini okan her bir ynsan özüne gerekli bolan zady akyldaryň dürdäne setirleriniň içinden dür monjuk kimin tapyp bilýär.

 

 

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň durmuşynyň dürli taraplaryna giňişleýin ýüzlenipdir. Şolaryň arasynda halkymyzyň milli lybaslaryny, esasanam, gelin-gyzlaryň özboluşly nusgadaky al-gyzyl egin-eşiklerini ussatlyk bilen suratlandyrylýan şygyrlary bizi taryhyň jümmüşine alyp gidýär.

 

 

Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, özüniň oňaýlylygy bilen durmuşa ornaşan milli lybaslarymyzyň durkunyň, gözelliginiň häzirki döwüre çenli saklanyp galmagy bolsa edeplilikden nyşan bolup durýar. 

 

 

Asyrlary aşyp, geljegi nurlandyrýan akyldar şahyryň edebi mirasy halkymyzyň genji hazynasydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir. 

 

 

Begenç ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
MH toparynyň 4-nji ýyl talyby.