logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
  11.04.2024
787
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Pähim-paýhasdan püre-pür şygyrlarynda geçeni, şu güni, geljegi şöhlelendiren Magtymguly Pyraga professor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly: “Şahyr türkmen durmuşynyň ensiklopediýasy” diýsek-de bärden gaýdýar”. Çünki, şahyr durmuşyň manysyny aýdyň pikirler bilen beýan edýär. Şahyryň baş ýörelgeleri berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, parahatlyk syýasatyny dabaralandyrmak ýaly arzuw-isleglerden gözbaş alypdyr. Şol sebäpli-de, akyldar şygyrlarynda adam mertebesini iň belent derejelere çykarýar.   

 

Magtymguly Pyragynyň parasada ýugrulan goşgularyny şu günki nesle ýetirmeklik üçin köp hupbatly işler edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halky öz şahyrynyň sarpasyny uludan tutýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp atlandyryldy. Häzirki bagtyýar zamanamyzda şahyryň dürdäne goşgulary dünýä halklarynyň dilinde giňden ýaňlanýar.  

 

Özüniň gymmatyny asla ýitirmejek şygyrlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň şöhraty dünýä ýaýylýar. Ynsan kalbyny nura besleýän şygyrlarda arzylanýan parahat durmuş bu günki günde hakyky wysalyna gowuşdy. 

 

Parahat GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.