logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Päk zähmetim-hormatym
  08.04.2020
941
Päk zähmetim-hormatym

       ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ýylynyň häzirki dowam edýän günlerinde ýurdymyzyň altyn gaznasy hasaplanýan türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri hemmeleri guwandyrýar. Ýurdymyzda kiçi we orta telekeçiligiň goldanmagy netijesinde hususy önümçilik bilen meşgul bolmak isleýänlere giň ýol açylýar. Ile-güne haýyrly iş edýän adam ýa-da köpüň göwnüne ýaraýan önümleri öndürýän kärhananyň at-abraýy çalt uzaklara ýaýraýar. Ynha şeýle işjanly telekeçileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy, edermen telekeçi ŞükürowÝurtgeldi. Öz işine ussat telekeçiniň önümçilikde, un we un önümlerini taýýarlamakda baý tejribesi bar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 28-ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň çäginde 3 gektar meýdan ýerinden kuwwatlylygy bir gije-gündizde 300 tonna un öndürmeklige niýetlenen ,,Un we çörek’’önümlerini öndürýän kärhanany dabaraly ýagdaýda işe girizdi. Kärhanada Türkiýa döwletinden alynan ýokary hilli enjamlar oturdylan we ýurdymyzda hereket edýän öndürijilerden 24 sagatda 300 tonna hil taýdan tapawutly we elýeter bahaly önüm öndürmek bilen tapawutlanýar.

      “Kärhananyň ýurdymyzyň bazarlarynda un bolçulygyny döretmekde, döwletiň azyk garaşsyzlygyny gazanmakda, daşary ýurt döwletlerinden getirilýän bugdaýyň we unuň möçberiniň azaldylmagyna, unuň bahasynyň halkymyz üçin elýeter bahalardan satylmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär diýip” öz işine ussat telekeçi ŞükürowÝurtgeldi uly buýsanç bilen belläp geçýär.

         Dogrudanam gursagy hyjuwdan doly, Watana bolan söýgüden doly ussat telekeçiniň öňde goýan maksatlary bagta rowana!