logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Pälizek şäheri
  19.08.2021
686
Pälizek şäheri

Ýadygärlik ХI – ХVII asyrlar bilen senelenýär. Ol Sarahs şäherinden 18 km dg-gd Sarahs-Oguzhan ýolunyň çep tarapynda ýerleşýär. Ýadygärlik orta asyr şäheri bolup, ol üç bölekden Erkgaladan,
Şähristandan we şäher eteginden ybaratdyr. Bu ýadygärlikde 1964-1970-nji ýyllarda Sarahs oazisinde iş alyp baran Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologik ekspedisiýasy tarapyndan Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda barlag işleri geçirildi.

         Şäheriň tutýan meýdany 8,98 ga bolup, Erkgalanyň we Şähristanyň umumy daşky diwarlary bolan. Diwaryň uzynlygy demirgazykdan günorta 170 m, gündogardan günbatara 90 m. Erkgalanyň beýikligi 14,88 m, Şähristanyň beýikligi 9,66 m, şäher etegi (rabat) günbatar we günorta tarapyna has giňelip, uzaklara gidýär. Girelgesi günorta tarapynda bolupdyr.