logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Parahatçylygy wasp edýän döredijilik sergisi
  24.05.2025
539
Parahatçylygy wasp edýän döredijilik sergisi

Mälim bolşy ýaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler giň mazmuna eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri-de ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisidir. Sergide hemişelik Bitaraplygymyzy, dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen ynsanperwer ýörelgelerimizi​, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän sungat eserleri sergilendi.

 

Döredijilik sergide Aýbibi Allanowanyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», Döwlet Muhtarowyň «Parahat Watanym», Maýsa Toýlyýewanyň «Dostluk nyşany», Resul Baýramowyň «Dünýä dursun parahat», Begenç Saryýewiň «Garaşsyzlyk binasy», Mähri Çaryýargulyýewanyň «Parahatçylyk tansy”, Jelaleddin Bekiýewiň «Milliligiň gözbaşy», Ýusup Hemraýewiň «Parahatçylyk seýilgähi», Güljemal Nepesowanyň «Parahatçylyk bagtymyzyň gözbaşy», Mähriban Jumaýewanyň «Diýarymda toý bu gün”, Merjen Serdarowanyň «Dost-doganlyk gatnaşyklary», Gülöwser Hojanepesowanyň «Sungatda parahatçylygyň waspy», Aýgözel Annamyradowanyň «Bagtyýarlyk joşguny» ýaly sungat muşdaklarynyň söýgüsini gazanan döredijilik eserleri görkezildi. Ýürekleriň töründe orun alan şeýle ajaýyp döredijilik eserleri sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň mukaddes Watanymyza bolan belent söýgüsini şöhlelendirýär.

 

Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlary terbiýelemek, olaryň ylymly-bilimli, maksada okgunly bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler sanardan köp. Döredilýän şertler, mümkinçilikler biz – bilim işgärlerini yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzy ösüşleriň ýurduna, kämil bilimleriň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!


Şemşat ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.