logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Parahatçylygyň mizemez binýady
  09.07.2026
11
Parahatçylygyň mizemez binýady

Häzirki döwürde dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk syýasaty ynanyşmagy berkitmegiň, hoşniýetli dialogy ösdürmegiň we döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mizemez binýadydyr. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan bu syýasat döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Türkmenistan häzirki döwürde sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň uly hormatyna eýe bolýar. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir milli bähbitlere hyzmat etmän, eýsem, umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna hem mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyz halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde parahatçylygy berkitmäge, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolmagy Watanymyzyň daşary syýasatynyň netijeliliginiň hem-de halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

 

Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmän, eýsem, geljek nesilleriň abadan durmuşyny üpjün etmekde, dünýäde parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýa hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.

 

Goý, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Kyýas AKMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.