logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky 4-nji oýny geçirildi
  02.01.2024
788
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky 4-nji oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 4-nji saýlama oýny geçirildi. 

 

 

«Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu möwsümiň 4-nji oýnuna gatnaşan mekdep okuwçylaryndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Medine Myratberdiýewa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kürmämmet Nobatow dagylar ýeňiş gazandylar.

 

 

Bäsleşige Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, şol institutyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew dagylar emin-agza hökmünde çykyş etdiler.

 

 

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan ýazgy edilen bäsleşige «Miras» teleýaýlymynda ýakyn günlerde tomaşa edip bilersiňiz.

 

 

Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.