logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly
  10.12.2025
1096
Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzyň toýdan-toýa ulaşýan şatlykly günlerinde ýurdumyza ýene bir buýsançly habar gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň giň paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap halkymyzyň ýaşaýyş ýörelgesine, döwletimiziň halkara abraýyna degişli möhüm çemeleşmeleri özünde jemläp, milli baýramçylyklaryň ruhuna mynasyp sowgat boldy.


Bu neşir ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýagty ýörelgesini giňişleýin beýan edýär. Parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan bu syýasatyň mazmuny okyjy üçin düşnükli, giň manyly seljerme bilen açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edildi – täze kitapda hut şu derejäniň taryhy ähmiýeti, onuň sebitdäki we ählumumy derejedäki orny dolulygyna şöhlelendirilýär.


Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Çykyşlarda esasan, Bitaraplygyň dünýäde döredýän parahatçylykly gatnaşyklara, ynanyşmaga hem-de dialog medeniýetine täsiri giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.


Soňky otuz ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiz üçin özboluşly ösüş ýoluny açdy. Bu syýasat türkmen halkynyň müňýyllyklardan gaýdyp gelýän hoşniýetlilik däplerine, goňşular bilen mynasyp gatnaşyklara, halkara giňişliginde jogapkärli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň kitapda beýan edýän garaýyşlarynda Bitaraplygyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär:
"Bi­ta­rap­lyk äh­lu­mu­my dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň, hal­ka­ra de­re­je­de wa­jyp me­se­le­le­ri öza­ra yna­nyş­ma­gyň, dia­log ar­ka­ly hem-de jo­gap­kär­çi­lik esa­syn­da ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň we ola­ry çöz­me­giň mö­hüm gu­ra­ly­dyr."


Ata Watanymyz özüniň ynsanperwer ýörelgeleri bilen ösüşden ösüşe barýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, döwletiň durnukly ösüşine gönükdirilen maksatlar täze eseriň her sahypasynda öz beýanyny tapýar.

Merjen Agajanowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen 
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.