logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Parižde elektrikli skuterler doly gadagan edildi!
  04.04.2023
756
Parižde elektrikli skuterler doly gadagan edildi!

Soňky döwürde bütin dünýäde diýen ýaly ýaýran elektrikli skuterler bilen baglanyşykly örän geň galdyryjy ösüş boldy. Fransiýanyň paýtagty Parižde elektrikli skuterler doly gadagan edildi. Bu karar dünýäde ilkinji diýlip hasaba alyndy. Munuň sebäbi bolsa elektrikli skuterler bilen baglanyşykly heläkçilikler we ýerli halkyň elektrikli skuterlerden nägile bolmagy bolup durýar.

Pariž şäher häkimligi bu meseläni anyklamak üçin ses berlişik geçirdi. Saýlawçylaryň 8 göteriminiň gatnaşmagynda geçirilen ses berlişik netijesinde elektrikli skuterleri gadagan etmek kararyna gelindi. Sebäbi, ses berlişigiň netijelerine görä, elektrikli skuterleri islemeýänleriň sany 90 göterimdi.

Pariž şäher häkimligi gadagan edilen elektrikli skuterleri şäherde sürmegiň jerimesiniň 10 minut üçin bäş ýewrodygyny duýdurdy.

Elektrikli skuterleri ulanyjylaryň pikiriçe, ýagdaý beýan edilişi ýaly däl. Olaryň pikiriçe, Parižde her gün her sagatda ýüzlerçe ýol hadysalary bolýar we elektrikli skuterler bilen baglanyşykly hadysalar olaryň az bölegini düzýär. 

 

Daýanç HANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.