logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
  25.03.2024
627
Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar bilen bir hatarda energetika pudagy hem ähli zerur tagallalar esasynda pajarlap ösýär. Türkmenistanyň energetika pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, bu ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle işleriň çäklerinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirmeklik meýilleşdirilýär.  

 

Göz öňüne tutulýan bu ähmiýetli halkara çäräniň çäklerinde nebiti we gazy gazyp almak, ony daşamak we gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.      

 

Bu foruma iri milli we halkara eenrgetika kompaniýalary, şeýle hem tutuş sebitiň nebitgaz pudagynyň geljegini çaklap bilýän bilermenler gatnaşarlar. Çäre ýurdumyzyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen bilelikde guralýar. 

 

Gaýgysyz ŞAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.