logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Parižiň «Täze ýyl yşyklary» bilen bezelmegi fransuzlara ýaramady
  23.11.2022
1161
Parižiň «Täze ýyl yşyklary» bilen bezelmegi fransuzlara ýaramady

Fransiýada dowam edýän energiýa krizisi sebäpli ýurtda birnäçe çäreler we çäklendirmeler durmuşa geçirilýär. Ýurtda köçe yşyklandyrma lampalarynyň sany azaldylýar, jemgyýetçilik binalaryndaky yşyklar ir öçürilýär. Umuman Fransiýa bu çäklendirmeler bilen sowuk gyşa taýýarlyk görýär.

Şeýle-de bolsa, Parižiň meşhur köçeleriniň we kaşaň dükanlarynyň «Täze ýyl yşyklary» bilen bezelmegi birnäçe jedelli meseleleri döretdi we fransuzlary gaharlandyrdy.

Ýewropadaky birnäçe ýurtlar energiýa tygşytlylygyny ýola goýýarka, Pariž şäherdäki esasy uly meýdançalarda 400 sany «Täze ýyl» arçany yşyklandyrdy. Bir köçäni yşyklandyrmak üçin 1 million ýewro sarp etmek fransuzlara ýaramady we tankyt edildi. Resmiler yşyklandyryşyň energiýa tygşytlaýyş meýilnamasyna laýyk gelýändigini öňe sürýärler. Yşyklar agşam 17:00-da ýakylýar we 23:45-de öçürilýär.