logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Paýhaslar düwünçeginden edep barada
  21.02.2023
920
Paýhaslar düwünçeginden edep barada

Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen – tagt.

* * *

Döwletliniň ýerinden ýap geçer,
Bidöwletiň ýerinden – ýol.

* * *

Dil bir beladyr – uçyr, göz bir derýadyr – geçir.

* * *

Çaga ýaşlygyndakyny unutmaz, kel – başyndakyny.

* * *

Çagany pully-da etme, pulsuz-da tutma.

* * *

Çagany söýgüleseň, beti gatar, uruberseň, eti gatar.

* * *

Ene sözüni ýaşlykda tut, ata sözüni – başlykda.

* * *

Edebiň ýagşysy – salam bereni,
Ýakynlyk ýagşysy – baryp-geleni.

* * *

Dil bir süňksüz et, ýagşyny hem diýer, ýamany hem.

* * *

Çagany taýak bilen ursaň, ulalansoň ol seni damak bilen urar. 

 

Toplan: Nurtäç BALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.