logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler
  29.06.2026
309
Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler

Aşgabatda ekologiýa medeniýetini wagyz etmek we durnukly ösüş ýörelgelerini goldamak maksady bilen «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçirilmegi meýilleşdirilýär. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralar.

 

Eko-festiwal 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda sagat 16:00-dan 19:00-a çenli dowam eder. Guramaçylaryň taýýarlan maksatnamasyna laýyklykda janly aýdym-saz çykyşlary, çagalar we ulular üçin eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary, şeýle-de döredijilik ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Çäräniň esasy maksatlary ekologik medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de durnukly sarp ediş endiklerini wagyz etmekden ybaratdyr. Şol sebäpli-de gatnaşyjylardan özleri bilen gaýtadan işlenip bilinjek plastik çüýşeleri ýa-da başga adamlaryň peýdalanyp biläýjek köne egin-eşiklerini getirmek haýyş edilýär.

 

Festiwala işjeň gatnaşan myhmanlara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

 

Eko-festiwal Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralýar.