logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Society /Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi
  22.09.2026
21
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi

19-njy sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi.

 

Forumyň işi başlamazdan öň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine baryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

 

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty açyk diýlip yglan edildi we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.

 

Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

 

Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.

 

Şeýle-de Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi.

 

Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň mazmunyna laýyklykda geçirilýän çärelere aýratyn üns çekildi.

 

Daşary ýurtly watandaşlarymyz pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge, häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk beýan edildi.

 

Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar her gezek Türkmenistana gelenlerinde haýran galdyrýan ösüşleri görüp, muňa örän buýsanýandyklaryny, Garaşsyzlygyň ata Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdendigini nygtadylar.

 

Çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.

 

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

 

Maslahatyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

 

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty ýapyk diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.