logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Paýtagtymyzda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
  09.11.2022
1037
Paýtagtymyzda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu inženerçilik desgasynyň gurulmagy bilen, Aşgabadyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym hem ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçiligi döredildi.

Dabara ýurdumyzyň resmi adamlary, medeniýet we sungat ussatlary, daşary ýurtly wekiller gatnaşdy.

Täze açylýan desganyň gurluşygyny alyp baran Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatonyň çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Aşgabat şäherinde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň ýokary hilini, özboluşlylygyny we ekologik taýdan durnuklylygyny tassyklaýan laýyklyk güwänamalary gowşuryldy. Munuň üçin Russiýadan degişli bilermenler hem-de «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlary kompaniýasynyň wekili paýtagtymyza geldiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, täze desgalar toplumynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edip, dabaraly ýagdaýda açylyş toý bagyny kesdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde döwrebap suw sowujy enjamlaryň işleýiş tertibi bilen tanyşdy we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna täze gulluk awtoulaglarynyň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.