logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler
  21.04.2025
2526
Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler

2025-nji ýylyň 22 - 25-nji aprelinde Aşgabatda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler. Bu ýaryşa Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tomaşa edip bolar.

 

Dünýäniň 13 döwletinden 300 -e​ golaý türgen, tälimçi, emin we beýleki wekiller gatnaşar. Olaryň 170 -den gowragy türgenlerdir. Türkmenistandan bolsa 30 -dan gowrak türgen çykyş eder.

 

Ýaryşda milli göreşde 8, alyş göreşde bolsa erkekleriň arasynda 6, zenanlaryň arasynda 4 agram derejesinde çykyş ederler. Milli göreş boýunça final tutluşyklary 23-nji aprelde, alyş göreşi boýunça bolsa 24-nji aprelde geçiriler.

 

Ýaryşa gatnaşyjy wekiller paýtagtymyzda jemlenip başladylar. Olar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyp, Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdirilýär.