logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Paýtagtymyzda ýene bir täze awtomobil köprüsi gurlar
  09.03.2024
484
Paýtagtymyzda ýene bir täze awtomobil köprüsi gurlar

Ata – babalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän sogaply işleriň biri bolan ýol çekmek, köpri gurmak asylly däpdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde hasabat berdi.

 

Aşgabadyň täze we iri ýaşaýyş toplumynyň 1-nji we 2-nji tapgyrlaryna barýan bu ýoluň ugrunda derýa üstünde köpri ozal gurlupdy. Häzirki wagtda bu toplumyň günbatar tarapynda täze tapgyryň gurluşygynyň alnyp barylýar.

 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzda üstaşyr we welaýat ara ýollarynda abatlaýyş işleri yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksady bilen ýakyn iki aýyň dowamynda Eýranyň Inçeburun şäherçesinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyna çenli awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz “Sebitara we içerki awtomobil ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzlemek işlerini güýçlendirmek möhümdir” diýip aýratyn belläp geçýär.
 

Aýnur GOŞLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.