logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeni çäre geçirildi
  22.05.2025
537
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeni çäre geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar. Halkyň erk-islegine esaslanyp kabul edilen Esasy Kanunymyz bilen belentden belende parlap duran ýaşyl Tugymyz türkmen döwletliliginiň mizemez nyşanlary hökmünde bu gün hem halkymyzyň kalbynda aýratyn orun eýeleýär.


Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde giň gerimli medeni çäre baýramçylyk konserti geçirildi. Aýdym-sazly, tansly çykyşlardan ybarat bolan dabaralar Watana, milli ýörelgelere, halkyň agzybirligine we döwlet nyşanlaryna bolan çuňňur buýsanjy dabaralandyrdy.


Baýramçylyk konserti “Başym gurban bolsun Türkmenistana…” diýen şygar bilen başlanýan aýdym-sazly kompozisiýa bilen açylyp, tomaşaçylarda ruhy täsir galdyrdy. Çykyşlarda watançylyk, halkyň bitewüligi we döwletimiziň rowaçlygy baradaky temalar aýdyň şöhlelendirildi.


Dabara Meşhur aýdymçylar, folklor we çagalar toparlary gatnaşyp, dürli žanrlardaky çykyşlary bilen sahnanyň ruhy derejesini has-da belende göterdiler. Konsertde “Türkmen Baýdagy”, “Alkyşnama”, “Parla, ýaşyl Baýdagym!” ýaly eserleriň ýerine ýetirilmegi döwlet nyşanlaryna bolan hormatyň halk arasynda näderejede çuňňur orun eýeleýändigini görkezdi.


Döwlet baýdagymyz — bu diňe bir reňk we şekil däl, bu halkyň ruhy mertebesidir. Konstitusiýamyz bolsa — jemgyýetiň hukuk binýady, ösüşlere açylýan ýol. Bu senäniň baýram edilmegi ýurduň ösüş ýolunda agzybirligiň, kanunlylygyň we buýsanjyň dabaralanmasydyr.


Türkmenistan bu sene arkaly diňe bir öz döwletlilik esaslaryny hatyralamak bilen çäklenmän, geljek nesiller üçin milli gymmatlyklaryň, Watana bolan söýginiň, kanuna hormatyň ähmiýetini hem berkidýär.


Nurmuhammet Myradow
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 
II ýyl talyby.