logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Pederim» - Annajemal ÇARYÝEWA
  28.01.2023
1285
«Pederim» - Annajemal ÇARYÝEWA

Ýyllar bilen bäs edýän deý hamana,
Saçlaryň hem agarypdyr azajyk.
Men özümi uly saýýan bolsam-da,
Seniň gözleriňe entek çagajyk.

Ýetilmeli menzillerim kän entek,
Sensiň meniň gözbaş alan başsakam.
Göreçleriň kütelişse ýoluňda
Hiç öçmejek çyrag bolaryn, kakam!

Myradyna ýetirende yhlasym,
Ak ýollarda bolmaz meniň hederim.
Daglar diňe beýikligne galýandyr,
Meniň arkamdaky dagsyň, pederim!