logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Penjireler näme üçin bugarýar?
  15.03.2022
1325
Penjireler näme üçin bugarýar?

Bug – suwuň gaz halyndaky görnüşi ýa-da suwuklyk gyzdyrylmagy netijesinde emele gelýän çygly gazdyr. Muny hemmämiz hem bilýäris.

Ýyly howa sowuk howa garanyňda has çyglyly bolýar. Şonuň üçin yssy we çygly howa sowuk gurşaw bilen ýüzbe-ýüz bolanda, temperaturasynyň peselmegi bilen içindäki çyglylygyň hemmesini göterip bilmeýär. Şeýlelik bilen, artykmaç çyglylygy penjire ýaly sowuk ýerde galdyrýar.

Penjireleriň, esasanam gyşda bugarmagynyň sebäbi hem şundan ybaratdyr. Mysal üçin, gaýnap duran ýa-da bir ýerden akýan gyzgyn suw ýaly ýylylyk çeşmesi töweregindäki howanyň gyzmagyna sebäp bolýar we şol gurşawda bug emele gelýär.

Gunça ŞAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.