Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Pestisidiň täsirini 60 esse ýokarlandyrmagyň usuly tapyldy
  21.06.2023
460
Pestisidiň täsirini 60 esse ýokarlandyrmagyň usuly tapyldy

Oba hojalyk ekinleriniň köpüsine, baglaryň zyýankeşlerine garşy göreş adam bilen tebigatyň arasynda dowam edip gelýän köp asyrlyk gapma-garşylykdyr. Bu babatda häzirki güne çenli dürli usullar işlenip düzüldi we bu ugurda ylym barha kämilleşýär.

Russiýanyň «BIOTA» kompaniýasy «BIOSTOP SUPER» atly täze biologiki insektisid döretdi. Dürli ekinlere we tokaý plantasiýalaryna garşy göreşip bilýän madda bolan bu täze açyş – ýörite mikro-gaplardyr. Bu usul has tygşytly bolup, täsiri suwuklyk ýa-da suspenziýa görnüşindäki adaty biologiki pestisidlerden has uzak dowam edýär.

Işjeň maddany öz içine alýan mikro-konteýnerler ultramelewşe şöhlelerinden goralýar, bu bolsa mikroorganizmleriň täsirini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Bu himikat ýurtda degişli gulluk tarapyndan hasaba alyndy we ol ösümlikleri goramak üçin ulanylyp bilner. BIOTA kompaniýasy mikro-konteýnerler bilen täsirini ýitirmezden uzak möhletli ösümlik goragyny üpjün edýändigini belleýär. Şeýle hem, dürli mör-möjeklere garşy göreşmäge mümkinçilik berýän bu iş dürli görnüşli mikroorganizmleri hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem kompaniýa zyýankeşler we ösümlik keselleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge, öňüni alyş çärelerini geçirmäge kömek etjek oba hojalyk öndürijilerine we tokaý gorag hyzmatlaryna täze biologiki serişdeleri hödürlemegi meýilleşdirýär.

«BIOSTOP SUPER» – ýörite mikrokonteýnerlere ýerleşdirilen üç görnüşli mikroorganizmleri öz içine alýar. Bu mikroorganizmleri ultramelewşe şöhlelerinden goramaga we dermanlary dürli pürküjilerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu täzelik oba hojalygyny has hem ösdürmek we ösümlikleri goramak üçin peýdaly bolar.

«Agrotech» merkeziniň taslama menejeriniň bellemegine görä, bu innowasion biologiki insektisidiň mikro-konteýner görnüşinde hasaba alynmagynyň biologiki we toplumlaýyn ösümlik goragynyň ulanylmagyny giňeltjekdigini nygtaýar. Bu bolsa oba hojalygynyň ekologiýasyna oňyn täsir eder we biologiki taýdan ösümlikleri goramagyň usullarynyň netijeliligini ep-esli derejede ýokarlandyrar. 

 

Guwanç BABANYÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň 
2-nji ýyl talyby.