logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Пётр велики» gämisi 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylygyna başlar
  30.08.2023
724
«Пётр велики» gämisi 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylygyna başlar


Astrahan sebitinde «Пётр велики» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Игорь Бабушкин bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

 


Öz gezeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow häzirki wagtda türkmen portunda «Пётр велики» gämisini garşy almak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlenilýändigini aýtdy.