Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Peýdaly ösümlik soýa hakynda...
  15.04.2023
994
Peýdaly ösümlik soýa hakynda...

- Soýanyň tutuş dünýäde gymmatly önümleriň arasynda orun almagy tötänden däldir. Belok düzümi boýunça soýa ähli ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň arasynda ähmiýetli ýerde durýar, massasynyň ýarysyndan gowragy ösümlik belogyna düşýär.

- Soýa dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda senagat ähmiýetli ösdürilip ýetişdirilýär we Ýerdäki soýa önümleriniň umumy meýdany 1,200,000 km² ýetýär. Deňeşdirmek üçin, bu meýdan Fransiýa ýa-da Ispaniýa ýaly ýurtlaryň meýdanyndan hem 2 esse köp. Şol bir wagtyň özünde dünýädäki soýa hasylynyň üçden iki bölegini Hytaý satyn alýar.

- ABŞ-da soýanyň ýyllyk hasyly 120 million tonnadan hem geçýär we ol öndüriji hökmünde öňdäki orunda durýan ýurt hökmünde belli.

- Soýanyň özi örän peýdaly, içki düzümi beden üçin ýokumly maddalara baýdyr.

- Ekinleriň arasynda soýa ýer özleşdiriji, topragy azot bilen baýlaşdyryjy peýdaly ekin hökmünde hem ykrar edilendir.

- Iň köp ýaýran soýa tagamy Aziýada has-da meşhur bolan soýa sousydyr. Şeýle-de soýa tagamlary wegetarian aşhanasynda giňden ýaýrandyr.

- Soýa genomy alymlar tarapyndan 2010-njy ýylda açyldy. Gözlegler, bu ösümligiň ýüzlerçe ýyldan öň hem ösendigini görkezdi.

- Transgen ýa-da genetiki taýdan üýtgedilen soýa soňky wagtda gaty giň ýaýrandyr we ol köp sanly önüme girýär. Genetikler bu ösümlik bilen beýleki ösümliklere garanyňda has köp synag edýärler, amatsyz howa şertlerine, mör-möjeklere we hasyllylyga ýaramaz täsir edýän beýleki faktorlara garşylygyny ýokarlandyrmaga synanyşýarlar. Alymlar transgen soýanyň düýbünden howpsuzdygyny öňe sürýärler.

- Beýleki ösümlik beloklaryndan tapawutlylykda, soýa beloklary bedenimiz tarapyndan oňat siňdirilýär. Deňeşdirmek üçin, haýwan beloklary 90%, soýa beloklary 80%, beýleki ösümlik beloklary 50-60% siňdirilýär.

- Soýa ýagy beýleki ýaglar ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde köp ulanylýan azyk maksatly önüm bolup, onuň düzümi ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.

- Soýa makro we mikroelementleriň tutuş toplumyny öz içine alýar: 100 gr hasabynda kaliý - 1607 mg; kalsiý - 348 mg; kremniý - 177 mg; magniý - 226 mg; fosfor - 603 mg; ýod - 8,2 mkg, mis - 500 mkg we beýleki peýdaly minerallar.

- Soýa köp sanly ýörite iýmit süýümini - adam bedeni tarapyndan sorulmaýan oligosakkaridleri öz içine alýar.

- GM soýa önümleriniň howpsuzlygy baradaky jedeller geçen asyryň ahyryndan bäri dowam edip gelýär. Häzirki wagtda BSGG-nyň gözlegleri GM soýa bilen önümleriň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini ýüze çykarmady.

- Soýa önümleriniň hemmesinde soýa belogynyň mukdary 80,7%. Ikinji ýerde gury soýa massasy 58.1%, üçünji ýerde soýa uny 47% deň. 

 

Orazgül MYRATDURDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agroekologiýa hünäriniň
2-nji ýyl talyby.