logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Peýdasy gabygynda bolan gök önümler we miweler
  23.05.2022
2789
Peýdasy gabygynda bolan gök önümler we miweler

    Witaminlere we minerallara örän baý käbir iýmitleriň gabyklary özlerinden-de  köp peýdaly iýmit maddalaryny saklaýar. Şol sebäpli hünärmenler bejeriş maksatly gök önümler ýa-da miweler ulanylanda gabyklaryna hem uly üns berilmelidigini nygtaýarlar.

       Kiwiniň gabygy

    Adam bedeni nädogry iýmitlenmeden zäherlenen halatynda kiwiniň gabygyny aýyrmazdan sykylyp miwe şiresini içmek maslahat berilýär.Sebäbi kiwi gabygyndaky witaminler aşgazany arassalaýar.

                                                          Ýeralmanyň gabygy                                          

    Ýeralmanyň gabygy ýüzdäki düwürtikleri aýyrmakda şeýle hem gözüň aşagyndaky halkalary azaltmakda örän peýdalydyr.

             Almanyň gabygy

   Köp adamlar almanyň hem gabygyny aýyryp iýýärler.Aslynda alma gabygy has peýdalydyr.Ol peýdalanylanda ilki bilen guradylýar we çaý ýaly içilýär.Bu çaý aşgazany arassalaýar.Terligine alma gabygyny gözüň aşagyna 1 sagat goýulanda gözüň aşagyndaky gök reňkiň solmagynda peýdalydyr.

                Pyrtykal gabygy

         Pyrtykal gabygy efir ýagynyň kömegi bilen deridäki deformasiýa öýjüklerini azaldýar.Mundan başga-da mör—möjekler,onuň ýakymly ysyny halamaýarlar.

             Banan gabygy

         Banan gabygynda peýdaly süýümleriň köp bolmagy sebäpli iýmit siňdiriş keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar.Banan gabygy deri keselleri üçin hem peýdalydyr.

               Şetdaly gabygy

    Şetdaly gabygy arassalaýjy serişde hökmünde ýüze sürtmek arkaly peýdalanylýar.Şol ýagdaýda düzümindäki A witamin ýüzi arassalaýar we ýüzüň tebigy reňkini gazanmagyna kömek edýär.

               Limon gabygy

         Limon gabygy bokurdak çişmesinde,burun dykylmasynda käbir alymlaryň bellemegine görä ýuwulyp iýilende diş saglygyny goramakda hem peýdalanylýar.            

                 Sogan gabygy

   Tebigatda tapylan güýçli antioksidant iýmitlerinden biri bolan sogan gabygy gandaky holestrini kadalaşdyryp,ýürek keselleriniň öňüni alýar.Şol bir wagtyň özünde sogan gabygy gaýnadylyp peýdalanylanda bedendäki çişleri bejermekde hem ähmiýetlidir.

Agajan RAHMANOW,
Türkmen oba hojaluk institunyň talyby