logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Plastik galyndylardan 13 metrlik heýkel ýasaldy
  15.03.2023
1184
Plastik galyndylardan 13 metrlik heýkel ýasaldy

Bangladeşiň kenarýaka sebiti bolan Cox’s şäherinde plastik galyndylardan 13 metrlik äpet döwüň heýkeli ýasaldy.

Plastiki hapalanmagyň öňüni almak barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin, ýasalan äpet heýkeli ýasamak üçin 8 tonnadan gowrak plastikden peýdalanyldy. Uly heýkeli ýasamak 7 gün dowam etdi.

Plastik galyndylar Cox’s, Teknaf we Martin şäherlerindäki bazardan, jemgyýetçilik ýerlerinden, kenarýakalardan toplandy.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde tebigaty ulanylan polimer we plastik galyndylar zerarly döreýän zyýandan goramak meselesi ünsden düşürmeýär. Ulanylan polimer we plastik materiallardan emele gelýän galyndylary toplap, gaýtadan işleýän kärhanalaryň müňlerçesi bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Mälim bolşy ýaly, plastik galyndylar deňizleriň biodürlüliginiň hapalanmagy bilen ekologiki betbagtçylyga getirýär. Häzirki wagtda dünýä döwletleri plastika bilen hapalanmagyň düýp sebäplerini çözmek üçin, tutuş syýahatçylyk pudagyny birleşdirýärler. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.