logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Polietilen haltanyň 90 tonnasy Gazagystana eksport edildi
  09.02.2023
923
Polietilen haltanyň 90 tonnasy Gazagystana eksport edildi

Ýurdumyzyň hususy ulgamynyň önümçiligi barha kämilleşip, olarda ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalaryň hasabyna öndürilýän senagat önümleriniň görnüşleri we möçberleri has-da ýokarlanýar. Şeýle hususy önümçilikleriň arasynda «Bagt ýollary» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp orny bardyr.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Hytaýyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen kärhana doly güýjünde işledilende, aýda 150 tonna önüm öndürip bolýar. Bu ýerde buýurmalar esasynda, azyk önümlerini gaplamak üçin dürli göwrümdäki polietilen haltalar öndürilýär. Haltalyk mata hem kärhananyň özünde dokalýar. Haltalaryň ini 35 santimetrden 80 santimetre çenli bolup, uzynlygy müşderiniň sargydyna görä öndürilýär.

2019-njy ýylda önümçilige girizilen kärhanada öndürilýän harytlara diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem isleg barha artýar. Önümleriň eksporty Gazagystana, Russiýa ýola goýuldy. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler «Bagt ýollary» tarapyndan öndürilýän önümlere uly gyzyklanma bildirip, işewür geleşikleri baglaşýarlar. Geçen aýda bolsa polietilen haltanyň 90 tonnasy Gazagystana eksport edildi. Kärhanada öý hojalygynda giňden ulanylýan polietilen torbalaryň önümçiligi hem ýola goýuldy.