logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Polietilen paketleri we çygly süpürgiçleri öndürýän kärhana
  27.06.2019
1446
Polietilen paketleri we çygly süpürgiçleri öndürýän kärhana

    27-nji iýunda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda “Täç hil” hususy kärhanasynyň polietilen paketleri we çygly süpürgiçleri öndürýän kärhanasynyň açylyşy boldy. Özboluşly şäherçäni ýatladýan bu kärhana desgalaryň birnäçesini özünde jemleýär. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda guruldy.

   Dabara gatnaşyjy  myhmanlar kärhananyň önümçilik binalaryna aýlanyp, ol ýerde oturdylan tehnologiýanyň aýratynlyklary we önümçiligiň işi bilen tanyşdylar. Kärhananyň degişli hünärmenleri öz alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Ýewropa ýurtlaryndan getirilen we önümçilik bölümlerinden ornaşdyrylan kämil enjamlar täze, döwrebap kärhanada polietilen paketleriň we çygly sürüpgiçleriň dürli görnüşini öndürmäge giň mümkinçilikleri açýar.  Kärhanada öndürilýän we owadan gaplara gaplanýan ýakymly, hoşboý ysly çygly sürüpgiçler “Gül”, “Ýüpek ýoly”, “Awaza”, “Limon”, “Bagt ýoly”, “Körpejik”, “Keşde”, “Jenap” we beýleki atlar bilen alyjylara hödürlener. Mundan başga-da, täze kärhanada gap-gaç we beýleki hojalyk enjamlaryny ýuwujy serişdeleriň, sabynyň önümçiligi ýola goýuldy.

     Ýyllyk önümçilik kuwwaty 177 müň 933 kilogram polietilen paketlere, 1 million 167 müň 802 çygly süpürgiçlere barabar bolan täze kärhananyň işe girizilmegi bilen, ol ýerde raýatlaryň onlarçasy üçin iş orunlary açyldy. Kärhananyň ýokary hilli önümleriniň bir bölegini eksport ekmek maksat edinilýär.