logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Pomidor goýatmaklyk islegli haryt
  25.08.2020
811
Pomidor goýatmaklyk islegli haryt

      Tejen etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Nedirgala” hususy kärhanasy esasan pomidor goýatmak bilen meşgullanýar. Ol kärhanada ýörite şol önümleri banka we beýleki gaplara gaplaýan ýörite seh işleýär. Bu ugurda işleýän telekeçi işewürler ýerine ýetirýän işleriniň hiline iňňän uly üns berýärler. Şeýle hem, agzalan kärhana tarapyndan halkyň goýatmak önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksagy bilen uly iş alyp barýarlar. Bu ugrda işleýän daýhan hojalyklary we kärendeçi daýhanlar bilen ýörite şertnamalar baglaşýarlar. Şeýle hem olar tarapyndan halk köpçüliginiň pomidor goýatmagyna, ümejine, şerbetine bolan isleglerini has hem içgin öwrenýärler.

     Şonuň üçin hem “Nedirgala” hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri diňe bir Tejen etrabynyň we şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeginde hem halk köpçüligi tarapyndan uly isleg bildirilýär.

      Şeýle hem, bu kärhanada ýyladyşhana bolup, onda güýzlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmeklik bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.