logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Pomidoryň bol hasyly
  06.04.2020
956
Pomidoryň bol hasyly

    Ahal welaýatynda hereket edýän döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň biri-de Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki “Ýigit” hojalyk jemgyýetine degişli bolan kämil tehnologiýaly ýyladyşhanadyr. 34 gektar meýdany eýeleýän bu ýyladyşhana toplumynyň işi günsaýyn  ilerleýär.

      Ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ýerli önümleri daşary ýurtlara çykarmak, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek maksady bilen döredilen ýyladyşhana toplumynda häzirki wagtda pomidoryň birnäçe görnüşi ýetişdirilýär. Pomidoryň “Tommimaro muça”, “Huanita”, “Merlis” ýaly görnüşleri ilat arasynda, şeýle-de daşary bazarda aýratyn uly islege eýedir. Şoňa görä-de, pomidoryň ady agzalan görnüşleri ekilip, onuň bol hasyly ýetişdirilýär.

       Ýyladyşhana toplumynda häzirki wagtda 400-e golaý işgär zähmet çekýär. Olaryň agzybirlikli zähmeti bilen günde onlarça tonna pomidor hasyly ýygnalýar we terligine sarp edijilere ugradylýar. Ýyladyşhana toplumynyň “Mahmal” haryt nyşanly ýokumly önümleri Birleşen Arap Emirliklerinde, Russiýa Federasiýasynda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Özbegistanda hem eksport edildi.