logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär
  17.01.2023
1331
Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň 25-inde açylyp ulanylmaga berildi. Kärhana jemi 8,5 gektar meýdanda ýerleşip, 6 bölekden ybarat bolan ýyladyşhanada pomidoryň 192 müňden gowrak düýbi ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýyladyşhananyň häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, pomidor nahallaryny iýmitlendirmek, şeýle hem ýyladyşhanada howa çalşygyny amala aşyrmak, durnukly ýylylygy saklamak işleri awtomatiki usulda kompýuterleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Desgada pomidor nahallarynyň düýp emele getirişine, ösüşine, hasyla durşuna ýörite synag enjamlarynyň üsti bilen hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar.

Bu döwrebap ýyladyşhananyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem pomidor nahallarynyň kokos gabygynyň gyryndylary ýerleşdirilen gaplarda ýetişdirilýänligindedir. Pomidor nahallarynyň güllän mahaly tozanlandyryş işleriniň ýörite arylaryň üsti bilen amala aşyrylmagy hem pomidor hasylynyň deň ululykda ýetişmeklerine we hasyla durmaklaryna ýardam edýär.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmegi pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmeklige, ýagny her düýpden ortaça 13 kg, her gektardan bolsa, 230 – 250 tonna ýokary hilli, ekologiki taýda arassa pomidor hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär. Kärhanada pomidor hasylyny ýygnamak işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar, şeýle hem ýylyň dowamynda 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa pomidor hasyly kemala getirilýär.

Ýyladyşhanada ýygnalan pomidor hasylyny saklamaklyk üçin ýöriteleşdirilen ammarlar hyzmat edýär. Öndürilýän pomidor hasylynyň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär, hasylyň galan bölegi bolsa içerki bazarlarda ilata hödürlenýär.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda ýaşlaryň 100-e golaýynyň zähmet çekýändigini, olaryň arakesme döwründe talabalaýyk dynç almaklary, naharlanmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek hem möhümdir. 

 

Anželika BEKJANOWA,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.