logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /«Popocatépetl» wulkany yzly-yzyna 5 gezek atyldy
  12.11.2022
1341
«Popocatépetl» wulkany yzly-yzyna 5 gezek atyldy

Şu gün Meksikadaky «Popocatépetl» wulkany yzly-yzyna bäş gezek atyldy. Meksikanyň Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni alyş milli merkezi, wulkanyň atylmagyndan soň çykan tüssäniň 2 kilometre çenli ýaýrandygyny mälim etdi. Şeýle hem, wulkanyň töwereginde ýaşaýan ilata wulkandan çykan tozan we kül garylan ýagşyň ýagmagy bilen baglanyşykly duýduryş şeýle-de ätiýaçly bolmak maslahat berildi.

«Popocatépetl» wulkany 5 müň 452 metr belentlikdäki ikinji uly wulkan hasaplanylýar. Onuň diametri 900 metr we çuňlugy 150 metr bolup durýar.