Porsche kompaniýasy Cylib startapy bilen hyzmatdaşlykda katod materialynyň dolulygyna gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlanan tejribe akkumulýator elementlerini döretdi. Täze öýjüklerde ulanylan litiý, nikel, kobalt we marganes Porsche elektromobilleriniň ulanyşdan çykan batareýalaryndan gaýtadan alyndy.
Çig maly gaýtadan işlemek işleri Germaniýadaky ýöriteleşdirilen zawodda gidrometallurgiýa usuly arkaly geçirildi. Bu usul suw esasynda amala aşyrylýan gaýtadan işleme tehnologiýasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Geçirilen ilkinji synaglar täze öndürilen öýjükleriň tehniki taýdan ulanmaga ýaramlydygyny görkezdi. Porsche gaýtadan işlenen ikilenji çig maly seriýaly akkumulýator önümçiliginde 2028-nji ýyldan peýdalanmagy meýilleşdirýär.
Taslamanyň netijesinde alnan görkeziji Ýewropa Bileleşiginiň häzirki talaplaryndan ep-esli ýokary boldy. ÝB-niň düzgünlerine görä, 2031-nji ýyla çenli täze batareýalaryň düzüminde gaýtadan işlenen litiýiň we nikeliň paýy azyndan 6 göterim, kobaltyň paýy bolsa 16 göterim bolmaly. Porsche tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýada bolsa katod materialynyň 100 göterimi gaýtadan işlenen çeşmelerden üpjün edildi.
Şeýle-de bolsa, gaýtadan işlenen çig malyň köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylmagynda esasy meseleleriň biri ulanyşdan çykan batareýalaryň ýeterlik mukdarda bolmazlygydyr. Ýewropada elektromobilleriň köpüsiniň heniz ulanylýandygy sebäpli köne akkumulýatorlaryň möçberi çäkli. Mundan başga-da, dünýäde öndürilýän akkumulýatorlaryň takmynan 90 göterimi Hytaýda we Günorta Koreýada öndürilýär.
Porsche kompaniýasy Cylib startapy bilen hyzmatdaşlykda katod materialynyň dolulygyna gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlanan tejribe akkumulýator elementlerini döretdi. Täze öýjüklerde ulanylan litiý, nikel, kobalt we marganes Porsche elektromobilleriniň ulanyşdan çykan batareýalaryndan gaýtadan alyndy.
Çig maly gaýtadan işlemek işleri Germaniýadaky ýöriteleşdirilen zawodda gidrometallurgiýa usuly arkaly geçirildi. Bu usul suw esasynda amala aşyrylýan gaýtadan işleme tehnologiýasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Geçirilen ilkinji synaglar täze öndürilen öýjükleriň tehniki taýdan ulanmaga ýaramlydygyny görkezdi. Porsche gaýtadan işlenen ikilenji çig maly seriýaly akkumulýator önümçiliginde 2028-nji ýyldan peýdalanmagy meýilleşdirýär.
Taslamanyň netijesinde alnan görkeziji Ýewropa Bileleşiginiň häzirki talaplaryndan ep-esli ýokary boldy. ÝB-niň düzgünlerine görä, 2031-nji ýyla çenli täze batareýalaryň düzüminde gaýtadan işlenen litiýiň we nikeliň paýy azyndan 6 göterim, kobaltyň paýy bolsa 16 göterim bolmaly. Porsche tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýada bolsa katod materialynyň 100 göterimi gaýtadan işlenen çeşmelerden üpjün edildi.
Ýakup AMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.