logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /"Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi geçirilýär
  01.03.2025
1841
"Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi geçirilýär

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 9-10-nji aprelinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi onlaýn tertibinde geçirýär we ýokary orta hünär we okuw mekdepleriniň talyplaryny Hakaton bäsleşigine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Bu Hakaton bäsleşiginiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň öz zehinlerini açyp görkezmeklerine, hünär taýýarlygynyň hilini döredijilik ukybyny geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek we olaryň programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekde toparlaýyn işlemekligi öwrenmeklige ýardam berer.

“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler TDBGI.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sanawyny nusgalaýyklykda jogapkär mugallymlar Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk, dogry doldurmaly we 2025-nji ýylyň 26-nji martyna çenli institutyň tdbgi.progussat@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

 

Habarlaşmak üçin:tdbgi.progussat@gmail.com
sedahojayev06@gmail.com

Tel: +99365 10 10 18, +993 62 66 55 47

 


Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi