logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Pudagy sanlylaşdyrmak boýunça köpugurly çäreler
  09.03.2023
1298
Pudagy sanlylaşdyrmak boýunça köpugurly çäreler

Bagtyýarlyk nury, ösüşleriň bady bilen rowaçlanýan diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen agrosenagat toplumynda hususy pudagyň ornuny giňeltmek babatda düýpli tutumlar durmuşa geçirilýär. Ene topraga hyzmat etmäge yhlasly, döredijilikli çemeleşýän hususy işewürleriň netijeli zähmeti türkmen topragyny sözüň doly manysynda bereket çeşmesine öwürýär. Türkmen topragynyň berekedi ak bazarlarymyzyň, saçaklarymyzyň berekedidir. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň arzyly maksatlarynyň biridir.  Häzirki döwürde öňde duran wezipeleriň, nazarlanýan sepgitleriň düýp esaslaryna göz ýetirmekde pudagy ösdürmek örän uly ähmiýete eýedir. Şunda milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenilýär. Bu syýasaty amala aşyrmak üçin ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply harytlary köp öndürmegi dowam etdirmek zerurdyr.

Häzirki döwür dünýä giňişliginde sanly ulgamyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Munuň özi obasenagat toplumyny hem sanlylaşdyrmak arkaly toplumy ösdürmeklige gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, häzirki döwürde bu ugurda ösüşi yzygiderli ilerletmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Şu ählumumy talaplardan ugur alnyp, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga hem-de oba hojalyk pudagynda geljegi nazarlaýan sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Netijede, sanly tehnologiýalara esaslanýan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bolsa ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy bolan oba hojalyk pudagyny özgertmekde we ösüşlere beslemekde möhüm ugur bolup çykyş edýär. 

 

Ejegül NAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 
1-nji ýyl talyby.