logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Pudagyň zamanabap ýeňişli menzilleri
  12.06.2023
570
Pudagyň zamanabap ýeňişli menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bilen batlanýan döwrümizde ýurdumyzyň gurluşyk-senagat ulgamy ýokary derejelere eýe bolýar. Muňa alnyp barylýan gadamy batly gurluşyklar, iri taslamalar aýdyň mysaldyr. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy döwürlere hem dünýä nusgalykdyr. Bagtyýarlygyň mesgeni bolan bu «akylly» şäheriň innowasion esasyndaky taslamasy binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirýär.

Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen iri täze hassahanalar, saglyk merkezleri ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda ýurdumyzyň esasy merkezlerine öwrülýär. Ekologik taýdan arassa, amatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we beýleki amala aşyrylýan ençeme gurluşyklar aýratyn bellärliklidir. Obadyr şäherleriň hem-de sebitleriň ýaşaýyş durmuşyny has oňaýly ýagdaýda guramaga gönükdirip ulanylýan innowasion tehnologiýalary, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we tiz depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty barha artýar. Häzir ýurdumyzyň gurluşyk senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hatarynda berkligi, durnuklylygy bilen tapawutlanýan önümleri uly islege eýe. Alnyp barylýan täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine üns berlip, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini köpeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän önümçilikleri tehniki we ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmaga, olary döwrebaplaşdyrmaga, durkuny täzelemäge gönükdirilen uly işler ýola goýulýar. Bildirilýän talaplara laýyklykda, tutuş diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Bina edilýän desgalaryň binagärligiň gadymdan gelýän däplerini hem-de häzirki zaman dünýä şäher gurluşygynyň tejribelerini özünde jemleýändigi bellärliklidir. Munuň özi eziz Diýarymyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen deň gadam urýandygyna, dünýäniň ösen tejribesini özünde jemleýändigine şaýatlyk edýär. 

 

Serdar IŞANKULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby