Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Pudakda sanlylaşdyrmak işi oňyn netijelerini berýär
  22.04.2023
606
Pudakda sanlylaşdyrmak işi oňyn netijelerini berýär

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ugurlarda eýe bolunýan ösüşler köňülleri joşdurýar. Dürli ugurlarda döwrüň talaby bolan sanly ulgama geçmegiň depgini hem barha ýokarlanýar. Sanly ulgamyň söwda-telekeçilik ulgamyna hem ýokary depginde ornaşdyrylmagy bellenmäge mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň söwda ulgamyny sanlylaşdyrmakda internet-dükanlar hem-de harytlary uzak aralykdan satmak usullary giň gerime eýe bolýar. Bu gün diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň düzümi özgerýär. Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy ulgamy üçin hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Çünki Arkadagly Serdarymyz bu ulgamy goldamaga aýratyn üns berýär. Sanly ulgama geçilmegi hususy işewürligi ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ýardam edýär. Kämil enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hususy pudagy hem düýpli özgerdýär. Önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, telekeçilik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy döredildi. Sanly ulgama geçilmegi netijesinde, hyzmatlar bazaryny giňeltmäge, hyzmatyň täze hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýän täzeçe usullar döreýär. Häzirki zaman şertlerinde sanlylaşdyrmak tutuş pudaklarda aýratyn ähmiýete eýedir. Önümçilik ulgamlaryny sanlylaşdyrmak senagat toplumlarynda zähmetiň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, iş öndürijilik artýar, wagt hem tygşytlanýar. Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň hususy toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugrudyr. Pudagy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileri aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, häzirki zaman önümçilikleriniň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany artýar. Elbetde, bu işleriň hemmesi hem sanly ulgama esaslanmak bilen, ýylyň ähli paslynda ýokary hilli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Sanlylaşdyrmak şähergurluşyk ulgamynyň ösüşiniň möhüm bölegine öwrülmek bilen, ol «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Aşgabat-siti» we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri ýaly giň gerimli taslamalar hem muňa aýdyň mysaldyr. Umuman sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda söwda-telekeçilik pudagyny hem öz içine almak bilen, bilimiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. 

 

Daýançmyrat ATABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.