Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Pufferfish - zäherli deňiz balygy
  13.06.2023
747
Pufferfish - zäherli deňiz balygy

Suw gurşawynyň hem birnäçe bize mälim bolmadyk görnüşleri bardyr. Dünýä ummanlarynda hem-de deňizlerinde birnäçe ululy-kiçili balyklar maşgalasyna degişli bolan biri-birinden daşky alamatlary boýunça düýpgöter tapawutlanýan balyklary görmek bolar. Olardan biri hem daşky keşbi boýunça  beýleki balyklardan düýpgöter tapawutlanýan  «Pufferfish» ady bilen tanalýan täsin owadan balykdyr. Bu  balyk beden gurluşy we zäherliligi bilen suw jandarlaryndan tapawutlanýar. Bu balyk başgaça  «Iňňegarynly», «Fugu»,  «It balygy», «Dört dişli» ýaly atlar bilen hem tanalýar. Onuň latynça atlandyrylyşy bolsa «Tetraodontidae» bolup durýar.

Bu balygyň peýda bolmagy gaty adaty däl. Onuň bedeni gysga, ýöne gaty güýçli we ýiti teňňeler bilen örtülendir, ol teňňeleriň köpüsi bedeniniň aşaky böleginde ýerleşýär. Şonuň üçin hem  oňa «Pufferfish» diýen at berlipdir. Bu täsin balygyň bedeniniň ortaça uzynlygy 80 sm bolup, iň uly nusgalarynda bolsa 1 m uzynlyga eýedir. Bedeniniň iň ýokary agramy 15 kg aralykda bolup bilýär. Balygyň agzy ewolýusiýa döwründe eňekleriň süňkleri bilelikde ulalansoň, guşlaryň tumşugyna meňzeýär. Ol bu «tumşugyň» kömegi bilen balyk awlaýar we beýleki balyklar bilen göreşende öz bähbitlerini goramana kömek edýär.  Onuň agyz boşlugynda 4 sany dişi bolýar. Şonuň üçin hem oňa «Dört dişli» balyk ady hem berlipdir.

Suwasty dünýäniň gyzykly we syrly ýaşaýjysy bolan pufferfish balygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem şar ýaly «çişmek» ukybynyň barlygydyr. Haçan-da bu balyk howp astynda galanda, balygyň garyn boşlugynda ýerleşen «haltalar» suw bilen doldurylýar. Göçme manyda aýdanymyzda balyk ullakan şara öwrülýär. Howp geçenden soň, pufferfish haltalarynda toplan suwlaryny  daşky gurşawdaky suwa çykarýar we suw giňişliginde arkaýyn ýüzmegi dowam etdirýär. Eger çişirilen pufferfishi tutup, ony kenara çekseň ol haltalaryndaky suwlary ölýänçä daşky gurşawa çykarmaz. Bu owadan hem-de täsin balygyň zäherlidigini alamatlandyrýan derisinde  garamtyl menekleri görmek bolar. Daşyndan göräýmäge rezinden ýasalan ýumşak oýnawaja meňzeş bolan balyk adamlar üçin iň howply balyklaryň biri hasaplanýar, sebäbi bu ýyrtyjynyň bedeninde sanlyja sekuntyň dowamynda adamy öldürip bilýän gaty köp zäherli maddalary bardyr. Ýaponiýada pufferfish eti iň möhüm tagamlardan biri hasaplanýar. Bu balygyň eti ýörite aşpezler   tarapyndan seljerilip bişirilýär. Pufferfish owadanlygy bilen halk köpçüliginiň  ünsüni çeken balyklaryň biridir. 

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.