logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Putin prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
  19.03.2024
745
Putin prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

15-nji martdan 17-nji mart aralygynda Russiýanyň Prezident saýlawlary geçirildi. Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, RF-iň häzirki Prezidenti rekord 77% saýlawlara gatnaşyk bilen saýlawçylardan 87,32% ses alyp, ýene bir möhlete gaýtadan saýlandy. Netije saýlawçylaryň sesleriniň 99,76% gaýtadan işlenenden soň alyndy.

 

Ýatladyp geçsek, 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen prezident saýlawlarynda Putin 76,69% ses alyp ýeňiş gazanypdy. Deslapky maglumatlara görä, häzirki döwlet baştutany üçin 75 932 111 saýlawçy ses berdi.

 

Ikinji orunda Döwlet Dumasynyň deputaty Nikolaý Haritonow barýar we onuň sesleriniň sany 4,3 göterime deňdir. Üçünji orundaky Döwlet Dumasynyň wise-spikeri Wladislaw Dawankowyň sesleriniň sany 3,8 göterime barabardyr. LDPR partiýasynyň dalaşgäri Leonid Sluskiý bolsa saýlawçylaryň 3.17 göteriminiň sesini aldy.

 

Russiýada ilkinji gezek Prezident saýlawlary 3 gün dowam edip, ol hem 15-17-nji mart aralygynda geçirildi.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, Wladimir Wladimirowiç Putin 1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Leningradda dünýä indi. Putin 1975-nji ýylda Leningrad döwlet uniwersitetiniň hukuk bölümini tamamlap, ykdysadyýet boýunça magistr derejesini aldy.

 

Ezizmuhammet HAJYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.