logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Putin soňky 10 ýylda ilkinji gezek adaty metbugat konferensiýasyny ýatyrdy
  13.12.2022
990
Putin soňky 10 ýylda ilkinji gezek adaty metbugat konferensiýasyny ýatyrdy

Mälim bolşy ýaly, Russiýada birnäçe ýyldan bäri geçirilip gelinýän metbugat ýygnagy ýurduň «esasy syýasy wakalarynyň» biri hökmünde garalýardy.

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlardan soň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin soňky 10 ýylda ilkinji gezek adaty metbugat ýygnagyny ýatyrdy. Bu barada, Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow belläp geçdi. Peskow adaty metbugat ýygnagynyň näme üçin ýatyrandygy barada heniz düşündiriş bermedi.

2000-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän metbugat ýygnagynda Russiýanyň Prezidenti – ýurduň içerki we daşary syýasat baradaky soraglaryna jogap berýärdi.