logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Pyragy» atly täze ýazuw şekili döredildi
  13.02.2023
1977
«Pyragy» atly täze ýazuw şekili döredildi

Paýtagtymyzdaky «Belli Creative» dizaýn studiýasy «Pyragy» atly täze ýazuw şekilini döretdiler we ulanyşa çykardylar.

«Pyragy» şrifti - «Belli Creative» dizaýn studiýasynyň bu ugurdaky üçünji işi bolup durýar. Mundan ozal, bu studiýa «Aşgabat2017» şeýle-de «Garagum» atly ýazuw şekilini döredipdiler.

«Belli Creative» dizaýn studiýasy täze taslamanyň üsti bilen, Magtymguly Pyragynyň adyny sanly giňişlikde hem tanatmak isleýärler.

Belläp geçsek, «Pyragy» şriftini adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolar.

Bu şrift häsiýeti boýunça çeper manyly ýazgylara niýetlenilen. Şonuň üçin hem ony edebiýat, kino, saz, sungat bilen bagly ýazgylaryň sözbaşylarynda, teatrlaryň afişalarynda, ugurdaş mahabatlarda ulanmak has ýerlikli bolar.

«Pyragy» şriftini myfonts.com web saýtyna girip tölegli esasda ýükläp alyp, gurnap bolýar.

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.